Ruhani: Tehran-Bakunyň gatnaşyklary ösüşe bakandyr
Eýran Yslam respublikasynyň prezidenti Tehran- Bakunyň gatnaşyklaryny dostlukly-doganlykly we ösüşe tarap bildi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde gurban baýramynyAzerbaýjan Respublikasynyň döwletidir milletine gutlap iki ýurdyň jogapkärleriniň köpräk hümmet etmekleri bilen Tehran-Bakunyň arasyndaky ylalaşyklaryň we hyzmatdaşlyklaryň netijä ýetmegini umyt etdi.
Ruhani, Azerbaýjan Respublikasyny, Eýranyň dost we dogan ýurdy bilip iki milletiň arasyndaky şeýle dostlukly we doganlykly gatnaşyklaryň öňkilerdende köpräk ösjekdigine ynamynyň bardygyny aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ylham Alyýew hem bu telefon arkaly söhbetdeşliginde gurban baýramyny Eýranyň döwletidir milletine gutlamak bilen Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ösüşe tarapdyr, bu zat bolsa iki ýurdyň jogapkärleriniň yzygiderli tagalla we hümmet etmekleriniň netijesidir diýdi.