Zarif: deňiz garakçylygy Trampyň, kanuny äsgermeýänliginiň alamatydyr
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad zarif Grac 1 adyndaky nebit daşaýan gäminiň halas edilmeginiň öňüne geçmek ugurdaky Amerikanyň tagallasyny deňiz garakçylygy hasaplamak bilen bu hereket Amerikanyň ykdysady terrorizminiň şowuna bolmanlygyny belli edýändir diýdi.
şu gün Muhammet jawad zarif twitter sahypasynda Amerika döwleti Eýrana garşy ýola beren ykdysady terrorizminde şol sanda ýörite dermanlaryň öňüne geçmeginde şowsuzlyga uçrandyr diýip nygtady.
Zarif sözüniň dowamynda Amerika döwleti erkin suwlarda Eýranyň baýlyklaryny ogurlamak üçin kanuny sistemadan peýdalanmaga synanyşdy diýip matlabyna goşdy.
deňiz garakçylygy amala aşyrmaga synanyşmagy Trampyň, kanuny äsgermeýänliginiň alamatydyr diýip Muhammet jawad zarif twitter sahypasynda nygtap geçdi.