Eýran Owganystanyň döwleti we milleti bilen duýgydaşlyk bildirdi
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Owganystanyň paýtagty Kabulyň günbatarynda bir toý dabarasynda ýola berilen terrorçylykly partlamany ýazgarmak bilen Owganystanyň döwleti,milleti we bu elhenç jenaýatda gurban bolanlaryň maşgalalary bilen duýgydaşlyk bildirdi.
şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi beren gürrüňlerinde Tehranyň Owganystanyň döwletini we milletini goldaýanlygyna yşarat etmek bilen bu hilli elhenç jenaýatlara baş goşýan adamlary ynsanyýetiň,ýaraşygyň hem-de Owganystan we sebitiň howpsuzlygynyň duşmany hasaplady.
Musawi sözüniň dowamynda durmuşda Owganystanyň kynçylyklara gabat gelip ykbal kesgitleýji ýagdaýy başdan geçirýändigine salgylanyp Owganystan ýurdy döwletiniň,milletiniň we ähli kowumlarynyň we toparlarynyň birleşmekleri bilen bu kynçylyklary arka taşlap biljekdir we bu ýolda Eýran Kabuly goldajakdyr diýdi.
öten agşam Kabulyň günbatarynda toý dabarasynda ýüze çykan terrorçylykly partlamada azyndan 63 adam öldi we 182 adam ýaralandy.