Musawi:Amerikanyň raketalyk synaglary dünýäniň ýüzünde ýarag ýaryşlaryny güýçlendirer
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i5823-musawi_amerikanyň_raketalyk_synaglary_dünýäniň_ýüzünde_ýarag_ýaryşlaryny_güýçlendirer
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň orta menzilleri aşyp bilýän raketalaryny synagdan geçirmegini howatyrlandyryjy bilmek bilen bu mesele dünýäniň ýüzünde ýarag ýaryşlaryna sebäp bolup biler diýip ynam bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 24, 2019 13:49 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Amerikanyň raketalyk synaglary dünýäniň ýüzünde ýarag ýaryşlaryny güýçlendirer

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň orta menzilleri aşyp bilýän raketalaryny synagdan geçirmegini howatyrlandyryjy bilmek bilen bu mesele dünýäniň ýüzünde ýarag ýaryşlaryna sebäp bolup biler diýip ynam bildirdi.

şu gün Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi Amerikanyň dünýäniň ýüzünde yzarlaýan bir taraplaýyn syýasatlaryny şeýle-de Waşingtonyň halkara şertnamalardan çykmagyny ýazgaryp orta menzilleri aşyp bilýän raketalary Amerikanyň synagdan geçirmegi dünýäniň ýüzünde ýarag ýaryşlaryny ýola goýmagyň ýanynda dünýäniň amanlygyny hatara düşürip dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem köp çykdaýjyny töňkäp biler diýip yglan etdi.

Musawi şeýle-de halkara köpçüliginden we ähli ýurtlardan Amerikanyň dartgylylyk dörediji işlerine mynasyp gaýtawuly görkezmeklerini isledi.

Amerika geçen ýekşenbe güni Kaliforniýa ştadynyň San Fransisko adasynda orta menzilleri aşyp bilýän bir kuruz raketany synagdan geçirendir.Orsýet bolsa Amerikanyň bu hereketiniň gaýtawulynda bu ýurduň demirgazygynda ýerleşen Barents deňizinde iki sany raketany synagdan geçirendir.