Aug 28, 2019 15:32 Asia/Ashgabat
  • duşmanlar bilen garşylaşmak üçin Eýranyň ýaragly güýçleri ýokary taýýarlykdan paýlydyr

Eýran goşununyň baş serkerdesiniň oruntutary duşmanlaryň atýan haýbatlary bilen garşylaşmak üçin Eýranyň ýaragly güýçleri doly taýýardyrlar diýip yglan etdi.

 

 

Eýran goşununyň baş serkerdesiniň oruntutary Amir sertip Muhammet Hoseýin Dadräs şu gün Tehranda beren gürrüňlerinde Eýranyň ýaragly güýçleri goranyş,howa,gury ýer we deňiz örilerinde aňyrbaş taýýarlykda durandyrlar diýdi.

Eýranyň duşmanlary Eýranyň ösüp öňe gitmegini görüp bilýän däldirler emma oňa garamazdan Eýran özüniň harby we goranyş ösüşlerini dowam etjekdir diýip sertip Dadräs aýtdy.

Eýran goşununyň baş serkerdesiniň oruntutary şeýle-de duşmanlaryň ýola berýän jenaýatlaryna yşarat edip çaga öldürmek,ýolagçy gatnadýan uçarlary urup ýere gaçyrmak,dermany gadagan etmek hem-de Owganystan we Pakistanda toý dabaralaryny matama döndermekligi duşmanlaryň buýsanjy bildi.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy 2016-nji ýylyň 31-nji Awgustynda Eýranyň goranmak ministri we bu ministrliginiň jogapkärleri bilen geçiren duşuşygynda beren gürrüňlerinde goranyş we hüjümçilik başarnygyň ösdürilmegini Eýran Yslam Respublikasynyň aýdyň haky bildi.

Tags