Aýatolla Hatami:Amerika döwleti dünýäniň terrorçy döwletleriniň başynda durýandyr
Tehranyň juma namazynyň hatyby Amerika döwleti dünýäniň terrorçy döwletleriniň başynda ýerleşýändir diýmek bilen sebitde terrorçy toparlary döretmek barada Amerikaly resmileriň aýdan gürrüňlerine garamazdan olar indi bihaýalyk bilen özlerini terrorizme garşy göreşiň howandary tanatýandyrlar diýip beýan etdi.
Aýatolla Seýed Ahmat Hatami şu gün Tehranyň juma namazynyň hutbalarynda beren gürrüňlerinde 1981-nji ýylda Eýranyň şol wagtky prezidenti bilen premýer ministriniň şehit edilmekleriniň ýyl dönümine yşarat edip Eýran terrorizmiň uly gurbany bolan ýurtdyr diýip yglan etdi.
Ýemeniň Ansarolla,Liwanyň Hizbolla we Yragyň Al-Haşad Al-şabi toparlary sebitde terrorizme garşy göreşiň öň hatarynda hereket edýän ýagdaýlarynda Amerika döwleti olary terrorçy toparlar bilýändyr diýip Tehranyň juma namazynyň hatyby aýtdy.
Aýatolla Hatami şeýle-de Sionist režiminiň soňky günlerde Liwanyň howa çägine el gatmagyna yşarat edip Sionist režiminiň ýola beren bu hüjümi onuň kimliginiň el gatyjylyga ýugurylandygyny subut edýändir diýip nygtady.
Tehranyň juma namazynyň hatyby şeýle-de Keşmirde ýaşaýan musulmanlaryň ýowuz ýagdaýlaryndan gynanç bildirmek bilen Hindistan döwletiniň Keşmiriň musulmanlaryna zor aýtmagyň deregine olara mantyga laýyk çemeleşmegine garaşylýandyr diýip belläp geçdi.