Ruhani:Eýranyň 3-nji ädimi ertirden ýola goýular
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky Eýranyň jogapkärçiliklerini azaltmak boýunça Eýranyň 3-nji ädiminiň Sentýabr aýynyň 6-syndan ýola goýulyp ugramagyna buýruk berdi.
prezident Hasan Ruhani öten agşam Eýranyň uçluk güýçleriniň maslahatynyň soňunda beren gürrüňlerinde Eýran özüniň 3-nji ädimini ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwasynda erti ana gününden ädip başlar we şol esasda hem Eýranyň atom energiýa guramasy ýadro tehnologiýasyny ösdürmek baradaky öz işlerini dowam eder diýip yglan etdi.
Eýranyň atom energiýa guramasy ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky ösüşi we barlaglar boýunça jogapkärçiliglerini gyrakda goýup özüniň ösüş we barlaglar boýunça işlerini şol sanda urany baýlaşdyrmakdaky täze sentrifužleri ösdürmek baradaky işlerini çaltlyk bilen yzarlar diýip prezident Ruhani aýtdy.
ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky çäklikler şol sanda Eýranyň ýadro tehnologiýasynyň ösüşine we barlagyna zaman taýdan goýulan çäklikler Eýranyň 3-nji ädiminde aradan aýyrylýar we Eýranyň ýadro tehnologiýasyny ösdürmek we bu barada barlaýjylyk etmek işleri halkara atom agentliginiň gözegçiligi astynda ýerine ýetiriler diýip Eýranyň döwlet baştutany beýan etdi.
Eýranyň ýola goýjak bu täze işleri halkara atom agentliginiň kanunlarynyň çarçuwasynda ýerine ýetiriler we Eýran öz hütdämenliklerini ýerine ýetirmekleri üçin Ýewropalylara ýene 60 gün möhlet berýändir egerde olar öz jogapkärçiliklerinde tapylsalar Eýran hem ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň iş maslahatyndaky öz jogapkärçiliklerine dolanjakdyr diýip prezident Hasan Ruhani nygtady.
prezident Ruhani sözleriniň dowamynda Eýranyň dünýäniň 5+1 ýurtlary bilen geçiren ýadro gepleşikleriniň geçmişine yşarat edip Amerikalylar geçen 16 aýlykda Eýran barada 3 möhüm maksatlary yzarladylar olar birinjiden Eýranyň düzgünini üýtgetmegi başarman ýagdaýlarynda hem Eýran Yslam Respublikasyny ejizletmegi maksat edindiler diýip yglan etdi.
Amerikalylar ýokarky iki maksadyna ýetip bilmän ýagdaýlarynda hem güýçli gadaganlyklary ýola bermegiň ýanynda Eýrany gepleşige mejbur etmek we gepleşikleriň üsti bilen öz isleýän zatlaryny Eýrana tönkemegi maksat edinýändir diýip prezident Ruhani sözlerine goşdy.