Zangane: Amerika, Eýranyň nebit eksportyny togtadyp başarmady
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane, Eýranyň nebitiniň satyn alynmagynyň yzygelimleri barada Amerikanyň beýleki ýurtlara haýbat atyp olara agram bermegine yşarat edip Amerika Eýranyň nebit eksportynyň mukdaryny nola ýetirip başarmady diýdi.
şu gün Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane, Günorta Pars gaz meýdanyň gündogar bölüminde ýerleşen Balal adyndaky gaz meýdanyň ösdürilmegi ugrundaky karar hata Tehranda Eýranyň iki kompaniýasy bilen gol çekilmeginiň ýanynda beren gürrüňlerinde Amerikanyň sanksiýalary Eýranyň nebit eksportyny togtadyp bilmedi diýdi.
Eýranyň nebit ministri Bižan Namdar Zangane, Günorta Pars meýdanyň 27-nji fazynyň bütin sekileriniň üstümizdäki ýylyň gutarmagyndan ozal oturdylýandygyna yşarat edip agyr gadaganlyklara garamazdan Eýranyň Günorta Pars meýdanda garşydaky tarapdan yza galmady eýsem nebit önüminde garşydaky tarapdan öňde hem durýandyr diiýp sözlerine goşdy.