Amir Abdullahiýan: Tehran bilen Bagdat berk gatnaşyklardan paýlydyrlar
(last modified Mon, 23 Oct 2017 16:28:38 GMT )
Oct 23, 2017 21:28 Asia/Ashgabat
  • Tehran bilen Bagdat berk gatnaşyklardan paýlydyrlar
    Tehran bilen Bagdat berk gatnaşyklardan paýlydyrlar

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygynyň ýörite maslahatçysy Eýran bilen Yragyň durnukly we mäkäm gatnaşyklardan paýlydygyny aýtdy.

Eýranyň yslam şura mejlisiniň başlygynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Hosseýin Amir Abdullahiýan Yragyň premýer ministrniň Al-Riýada saparyna yşarat edip egerde Arabystan ýalňyş we öjükdiriji hereketlerinden saklansa oňyn netijeleri boljakdyr diýdi.

Yragyň premýer m inistri Heýdar Al-Ebadi sebite gurnan döwürleýin saparynyň başynda şenbe güni Arabystana baryp bu ýurduň patyşasy bilen duşuşdy.

ol şeýle-de bu saparynda Yrak bilen Arabystanyň arasynda sazlaşyk geňeşi gurmak baradaky ylalaşyga resmi tärde gol çekdi.

bu ylalaşyk bir ýagdaýda hasyl bolandyr welin Arabystan mydama Yragyň içeri işlerine gatyşýandyr we bu syýasatyň  dowam etmegi iň soňda Arabystanyň öňki ilçisi Samer Al-Sahbaniň bagdatdan çykarylmagyna sebäp bolandyr.