Sep 25, 2019 22:06 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:Eýran gadaganlyklaryň astynda hergiz gepleşik geçirmez

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti şu gün Birleşen Milletler Guramanyň umumy ýygnagynyň 74-nji maslahatynda beren gürrüňlerinde geçen ýyl ýarymda Eýran milletiniň agyr gadaganlyklara gabat gelendigini aýdyp Eýran halkara derejesinde garakçylykdan,gadaganlykdan we garyplykdan bir abzal höküminde peýdalanjak bolýan duşmana hergiz boýun egmez we ol bilen gürrüň etmez diýip yglan etdi.

prezident Hasan Ruhani Eýran Amerikanyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyna we Ýewropalylaryň öz borçlarynda tapylmazlyklaryna garamazdan ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky öz borçlaryna jogapkär bolandyr diýmek bilen Amerikanyň öz hütdämenliginden üýz öwürip Ýewropanyň hem öz jogapkärçiligini ýerine ýetirmekden ejizdigi indi hemmelere aýan bolandyr diýip yglan etdi.

Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň hem nygtaýyşy ýaly söhbetdeşligiň ýekeje ýoly olda gadaganlyklaryň ýatyrylyp taraplaryň öz hütdämenliklerine dolanmaklary bilen mümkin boljakdyr diýip prezident Ruhani aýtdy.

Eýranyň döwlet baştutany şeýle-de Aziýanyň günbatarynyň ekstremizmiň,dini we fyrkalyk täsipleriň,basyp alyjylykdir el-gatyjylygyň,gan döküşligiň we uruş odunyň içinde ýanyp durandygyna we Palestina halkynyň şeýle bir ýowuz ýagdaýyň gurbanydyklaryna yşarat edip Amerikaly we Sionistik töňkeme taslamalary şol sanda asryň söwdasy diýen taslama we beýt Al-Mukaddesiň Sionist režimiň paýtagty höküminde ykrar edilmegi we Gallant beýiklikleriň Sionist režimine berilmegi bularyň hemmesi hökman şowsuzlyga uçrajakdyrlar diýip nygtady.

prezident Ruhani şeýle-de Eýranyň pars aýlagyň howpsuzlygyny goramaklyga taryhy jähetden hemişe jogapkär bolandygyny ýatladyp bu sebitiň özgerişlerinde täsir alýan bütin taraplary Hormozyň barlyşyk taslamasyna birikmeklige çagyrdy.

Tags