Amerikanyň täze ruswalygy
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi, Amerikaly resmileriň islegleri boýunça we puç aýyplamalar bilen tutulan hanym Negar Godskäniniň ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Negar Godskäni 2017-nji ýylda Amerikanyň Eýrana garşy sanksiýalaryny bozmagy bahanasy bilen Awstraliýada tutulyp iki ýyl soňra Amerika geçirildi we geçen penşenbe güni hem Minesuta ştadynyň sudynyň hökümi boýunça azatlyga goýberildi.
habarçymyzyň beren habaryna görä Seýed Abbas Musawi öten agşam eden çykyşynda 40 ýaşly Eýranly ýaşaýjy hanym Negar Godskäni Amerikaly resmileriň islegleri boýunça we puç bahanalar bilen mezende 3 ýyl mundan ozal Awstraliýada tutulyp gaty agyr ýagdaýda saklanylandyr. şeýle halda Amerikada onuň azat edilmegi üçin berilen höküm oňa ýapylan aýyplamalaryň puçdygyny görkezendir diýdi.
Amerikanyň bir sudy onuň ýazyksyzdygyny bilsede onuň türmä basylmagyna buýruk berendir bu zat bolsa bir günäsiz adamyň yzarlanylmagynda Amerikanyň garalawjysynyň ruswalygyny belli edendir diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi sözlerine goşdy.