Zarif:Amerikanyň Eýranyň tersine edýän işleri uruş işleridir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6111-zarif_amerikanyň_eýranyň_tersine_edýän_işleri_uruş_işleridir
Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýran ilatynyň tersine edýän işlerini uruş işleri bilmek bilen Amerika Eýrana garşy ykdysady uruşynda harby bolmadyk ilaty nyşana alyp durandyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 09, 2019 18:00 Asia/Ashgabat
  • Zarif:Amerikanyň Eýranyň tersine edýän işleri uruş işleridir

Eýranyň daşary işler ministri Amerikanyň Eýran ilatynyň tersine edýän işlerini uruş işleri bilmek bilen Amerika Eýrana garşy ykdysady uruşynda harby bolmadyk ilaty nyşana alyp durandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif  şu gün Tehranda bütin dünýä ykdysad we gadaganlyklar atly halkara konferensiýada beren gürrüňlerinde maliýe we ykdysady uruş abzallary ýada ykdysady we dollary uruş abzalyna öwürmek bu günki gün halkara edebiýatynda rowaç ybaratlardan bolandyr diýdi.

Zarif Amerika maliýe abzallardan garaşsyz ýurtlara şol sanda Eýran,Hytaý,Orsýet,Kuba we Wenesuela ýurtlaryna basyş bermek ugurda peýdalanýar diýip sözlerine goşdy.

Eýranyň daşary işler ministri şeýle-de Eýranyň merkezi bankynyň gaýtadan gadaganlyklara salynandygyna yşarat edip Eýranyň merkezi bankynyň gadaganlyga salynmagy her bir görnüşde bolsada kanuna garşydyr sebäbi bu gadaganlyklar esasynda merkezi bank Eýranyň ykdysady abzaly adynda Eýran ilatyna dewa derman we azyk satyn alyp başarýan däldir diýip beýan etdi.