Oct 13, 2019 15:57 Asia/Ashgabat
  • Larijani:Amerikalylar halkara gatnaşyklara selteň salandyrlar

Eýranyň mejlis başlygy Amerikalylar halkara gatnaşyklara selteň salandyrlar diýmek bilen dürli ýurtlaryň resmileriniň ýurtlar-ara gepleşiklere ýüzlenmeklerini nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün özüniň Belgrad saparynyň öň ýanynda beren gürrüňlerinde Belgradda geçiriljek bütindünýä ýurtlaryň mejlislerara bileleşiginiň maslahaty sebit we halkara kynçylyklara çäre görmek ugurda bir gowy pursatdyr diýip beýan etdi.

Larijani şeýle-de Eýran bilen Serbiýanyň iki taraplaýyn aragatnaşyklaryna yşarat edip dostlukly aragatnaşyklary saklaýan SErbiýa ýurdy bilen arkalaşyklary ösdürmeklik Eýranyň gün tertibinde ýerleşendir diýip yglan etdi.

bütindünýä ýurtlaryň mejlislerara bileleşiginiň 141-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen şu gün Serbiýanyň paýtagty Belgrada tarap ýola düşdi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani bu maslahatda sebitleýin we halkara meseleler barada Eýran Yslam Respublikasynyň pozisiýalaryny yglan etjekdir.

Tags