Ruhani:Tehran bilen Yslamabat sebit meselelerine söhbetdeşlik arkaly çäre görilmegini nygtaýandyrlar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Tehran bilen Yslamabat sebit meselelerine söhbetdeşlik arkaly çäre görilmegini nygtaýandyrlar diýdi.
prezident Hasan Ruhani şu gün Tehranda Pakistanyň premýer ministri Omranhan bilen geçiren ortak habar konferensiýasynda beren gürrüňlerinde özüniň Omranhan bilen geçiren duşuşygynda Pars Aýlagyň howpsuzlygy we Ýemen uruşyna soň berilmegi barada gürrüň edendigini aýtdy.prezident Ruhani şeýle-de Amerikanyň Eýran milletine garşy ýola beren gadaganlyklaryny ykdysady terrorizm bilmek bilen Amerika ýadro ylalaşygyň iş maslahatyna dolanyp gadaganlyklary ýatyrmalydyr diýip beýan etdi.
Pakistanyň premýer ministri Omranhan hem bu habar konferensiýada beren gürrüňlerinde özüniň Tehran saparynyň maksadyny sebitde täze bir dartgynlylygyň we çaknyşygyň ýüze çykmagynyň öňüni almaklyk bilip Pakistan geçen 15 ýyllykda çaknyşyklardan ejir çekendir we terrorizme garşy göreşde 70 müň adamy elden berendir diýip yglan etdi.
Pakistanyň premýer ministri şeýle-de Keşmir ilatyny goldamagy babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirdi.
Pakistanyň premýer ministri Omranhan Eýranyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak üçin şu gün Tehrana geldi.