Ruhani:Tramp sebitdäki odyň üstüne benzin dökendir.
Eýranyň döwlet baş tutany soňky wagtlarda Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň bu ýurdyň ilçi hanasyny Telawiw-dan Kudusa geçirmegi baradaky tutumyny nädogry hasaplap bu hereket sebitdäki odyň üstünä benzin dökmekdir diýdi.
Donald Tramp 6-nji Dekabrda Kudus şäherini Sionist režiminiň paýtagty höküminde ykrar etmek bilen bu ýurdyň ilçi hanasynyň Telawiwdan Kudusa geçirilmegine şert döredilmegine buýruk berdi.
şu gün prezident Hasan Ruhani Tehranda Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Janson bilen geçiren duşuşygynda Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde uruşy we gan döküşmegi togtatmagyň we sebitde terrorizmi ýok etmegiň yzyndadygyny aýdyp Tehran-Londonyň gepleşikleri sebitde parahatçylygyň berkarar edilmegine ýardam edip biljekdir diýip nygtady.
Ruhani şeýle-de ýadro ylalaşygyň çarçuwasynda Eýran bilen Britaniýanyň bank hyzmatdaşlyklarynyň hem ösdürilmegini isledi.
Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Janson hem bu duşuşykda ýadro ylalaşygyndan soňra Tehran-Londonyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge gowy mümkinçilikler dörändir diýmek bilen köp ugurly hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge taýýardyr diýip yglan etdi.