Ruhani: Tehran-Baku-nyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki ýurdyň we sebitiň bähbidinedir
Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehran-Baku-nyň gatnaşyklarynyň gyzyklanma bildirilýän ugurlarda öňkilerden-de köpräk ösdürilmeklerini garşylap bilelikde hyzmatdaşlyk edip gatnaşyklaryň ösdürilmegi, diňe iki milletiň däl eýsem sebitiň hem peýdasynadyr diýdi.
şu gün Hasan Ruhani Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ilham Alyýew bilen geçiren duşuşygynda goşulyşmazlyk herekete agza ýurtlaryň başlyklarynyň 18-nji döwür oturylyşyklarynyň geçirilmegi üçin Baku-nyň gören gowy çärelerinden gadyrdanlyk edip Eýran we Azerbaýjan respublikasynyň ýokary derejeli resmileriniň eden tagallary bilen bu iki ýurdyň gatnaşyklary kanagatlandyryjy bolandyr diýdi.
prezident Ruhani şeýle-de ösüş-ýaraş we dostlyk deňizi höküminde Hazar deňizinde Eýran bilen Azerbaýjan respublikasynyň hyzmatdaşlyklarynyň berkidilmegini gerekli bilip Eýran hemişe hazar örisinde Azerbaýjan respublikasy bilen edýän hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge taýýardyr diýdi.
Azerbaýjan respublikasynyň prezidenti Ilham Alyýew hem bu duşuşykda Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhaniň Baku-a gurnan saparyny iki ýurdyň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine amatly pursap hasaplap Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasy çuň medeni we taryhy meňzeşlikleri,hyzmatdaşlyklaryň öňkilerden-de köpräk ösdürilmegine mynasyp şert döredendir diýdi.