Natanz-da döwrebap sentrifužlara gaz bermek işi ýola goýuldy
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehiň huzurynda Eýranyň merkezinde ýerleşen Natanzdaky urany baýlaşdyryjy kärhanada IR6 nesilinden bolan döwrebap sentrifužlara gaz bermek işi başlady.
bu döwrebap sentrifužlar ozalky sentrifužlara görä urany 10 esse köpräk baýlaşdyryp bilýändir diýip Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi aýtdy.
Eýranyň atom energiýasy guramasynyň başlygy durmuşda Eýranyň urany baýlaşdyrmakdaky başarnygy 8 müň 660 SU-a ýetendir diýmek bilen Eýran ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndaky özüniň jogapkärçiliklerini azaltmakda 3-nji ädimini başlamagyndan ozal her günde 450 gram urany baýlaşdyrýardy indi bolsa onuň mukdaryny 5 kg-dan hem geçirendir diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň ýadro alymlary ýurduň ýadro senagatyny ösdürmek işini dowam ederler diýip Salehi aýtdy.
Amerika 2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda bir taraplaýyn suratda Eýran bilen 5+1 toparyň arasynda ele gelen ýadro ylalaşykdan çykdy.Amerikanyň bu işiniň gaýtawulynda Eýran bir ýyl sabyr etmekden we islegleriniň üpjün bolmazlykdan soňra şu mahala çenli 3 gezek ýadro ylalaşygy esasyndaky jogapkärçiliklerini azaldandyr.