Eýranyň daşary işler ministrligi Amerikanyň täze gadaganlyklaryna gaýtawul berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6322-eýranyň_daşary_işler_ministrligi_amerikanyň_täze_gadaganlyklaryna_gaýtawul_berdi
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň, Eýranlylaryň birnäçesine garşy täze gadaganlyklary amala aşyranlygyna yşarat edip Amerika režiminiň resmileri Eýran milletiniň berk yradasynyň garşysynda ýeňilendikleri üçin özlerine teselli bermek ugurda puça sanksiýalara ýüzlenýärler diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Nov 05, 2019 16:01 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň daşary işler ministrligi Amerikanyň täze gadaganlyklaryna gaýtawul berdi

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikanyň, Eýranlylaryň birnäçesine garşy täze gadaganlyklary amala aşyranlygyna yşarat edip Amerika režiminiň resmileri Eýran milletiniň berk yradasynyň garşysynda ýeňilendikleri üçin özlerine teselli bermek ugurda puça sanksiýalara ýüzlenýärler diýdi.

Seýed Abbas Musawi bu hili birtaraplaýyn sanksiýalary ýazgaryp bu hili işler Amerika režiminiň başyny çaşyryp ejiz bolmagynyň nyşanasy bolmagyndan aýry Amerikanyň beýleki ýurtlaryň garşysynda we möhüm halkara meselelerde guldurlyk etmeginiň çarçuwasynda bolýandyr diýdi.

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi  şeýle-de Ak Tamyň Aban aýynyň 13-nji gününde çykaran beýannamasyny bihaýaçylyk bilip Ak Tam hemişe diplomatik bolmadyk edepsiz gürrüňleri bilen ýapylýan bir dosýäni açyk saklap taryhy çöwre görkezmek ugurda tagalla edýär diýip sözlerine goşdy.