Eýranyň Sepah Pasdarany Amerikanyň Eýrana garşy soňky gadaganlyklaryny ýazgardy
Eýranyň Sepah Pasdarany Amerikanyň Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabyna we ýurdyň birnäçe harby we harby bolmadyk jogapkärlerine garşy soňky gadaganlyklaryny ýazgardy.
şu gün Eýranyň Sepah Pasdarany bir beýannama boýunça Amerikanyň eziji , zalym we terrorçy režiminiň mydama Eýran milletiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ugurda tagalla edýän Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş ştabyna we ýurdyň birnäçe harby we harby bolmadyk jogapkärlerine garşy soňky gadaganlyklaryny ýazgarmak bilen bu hereket Eýranyň jogapkärleriniň alyp barýan ýolunyň dogrylygyna şaýatlyk edýändir diýdi.
Eýranyň Sepah Pasdarany beýannamanyň dowamynda Eýranyň yslam Ynkylabynyň garşysynda durmak meýdanynda duşmanlaryň dem sanap ýatanlygyna yşarat edip Amerikanyň Eýran milletine garşy amala aşyrýan gadaganlyklary bu reimiň ejizliginiň we ol bir tarapdan Eýran milletiniň çydamynyň kuwwatlanmagyna sebäp bolandyr diýip nygtap geçdi.