sertip Hatami:Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda ýurduň goranyş ukyby ýokary galdyrylmalydyr
Eýranyň goranmak ministri sertip Emir Hatami Amerikanyň gadaganlyklarynyň garşysynda ýurduň goranyş başarnygnyň ýokary galdyrylmagyny nygtady.
Eýranyň goranmak ministri şu gün beren gürrüňlerinde duşmanlaryň Eýranyň tersine yzarlaýan hilelerine yşarat edip bu günki gün duşman Eýran milletini hüjüm astyna alyp durandyr diýdi.
Amerikanyň baştutanlygynda imperializm toplumy özüniň Eýrana garşy ýola beren hilelerinde şowsuzlyga uçrandyr şondan gelende duşman Eýran Yslam Respublikasyna zarba urmak üçin hiç bir hereketden saklanýan däldir diýip sertip Hatami aýtdy.
Eýranyň goranmak ministri şeýle-de bu günki gün Eýranyň bir sebitleýin gudrata dönendigine yşarat edip bu iş çymda daýanmaklygyň we goranyş kuwwatlylygy ösdürmekligiň netijesidir diýip sözlerine goşdy.