Zarif Amerikalylaryň täze bihaýalykly işlerine tankyt bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i6574-zarif_amerikalylaryň_täze_bihaýalykly_işlerine_tankyt_bildirdi
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýadro ylalaşy barada Amerikalylary aýdan täze bihaýalykly ybaratyna tankyt bildirdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 18, 2019 18:01 Asia/Ashgabat
  • Zarif Amerikalylaryň täze bihaýalykly işlerine tankyt bildirdi

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif ýadro ylalaşy barada Amerikalylary aýdan täze bihaýalykly ybaratyna tankyt bildirdi.

Amerikanyň daşary işler ministrligi Waşington ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň şärikleriniň birsi höküminde gadaganlyklaryň otumat şekilinde dolanmaklaryna mümkinçilik berýän Snapback ýada şol maşa sistemasyndan peýdalanyp bilýär diýip toslady.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Amerikanyň daşary işler ministrliginiň bu toslamasynyň gaýtawulynda özüniň twitter sahypasynda ýazan matlabynda Amerikalylaryň ýadro ylalaşygyndan çykmaklaryna yşarat etmek bilen olaryň maşa sistemasyndan peýdalanmak barada aýdan zatlary hakykatdan bihaýalykly gürrüňdir diýip ýazdy.

Amerikanyň prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň 8-nji Maýynda bikanun suratda bu ýurdy ýadro ylalaşykdan çykaryp Eýrana garşy gadaganlyklary gaýtadan ýola berdi.