Amerika general Gasym Suleýmanini şehit etmekde ýola berilen jenaýatçylykly hereketiň jogapkäridir
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşi general Gasym Suleýmaniň şehit edilmeginden soň adatdan daşary maslahaty geçirip general Suleýmanini şehit etmekde ýola berilen jenaýatkärçilikli işiň jogapkärini Amerika režimi bildi.
şu gün Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşi geçiren ýaňky maslahatynda Amerikanyň bu jenaýatynyň garşysynda talaba laýyk gaýtawul görkezmegiň ýollaryny barlamakdan soň çykaran beýannamasynda Amerika döwleti bu jenaýatkärçilikli hüjüm bilen Aziýanyň günbatarynda özüniň iň uly strategik hatasyny ýola berendir we Waşington bu hatasynyň yz-gelimlerinden aňsatlyk bilen gutulyp bilmez diýip nygtady.
Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşi bu jenaýaty ýola berenler öz wagtynda we ýerinde berk jogaba garaşmaly bolarlar diýmek bilen şeksiz jihad we çydam iki esse hyjuw bilen dowam eder we çydamyň agajy günme gün ýognap miwe berer diýip yglan etdi.
şeksiz bu jenaýat Yrak bilen Siriýada DAEŞ terrorçylaryna garşy göreşiň beýik serkerdelerinden we gahrymanlaryndan ar almak maksady bilen Amerikanyň tarapyndan ýola berilendir diýlip Eýranyň milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň beýannamasynda getirilendir.