Jan 13, 2020 22:56 Asia/Ashgabat
  • Larijani:serdar Suleýmaniň şehit edilmegi sebitde çydamyň berkemegine ýardam edendir

Eýran Yslam Respublikasynyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün Siriýanyň premýer ministri Emad Hamysyň duşuşygynda general Gasym Suleýmaniň şehit edilmegini sebitde çydamyň berkemegine sebäpkär bildi.

Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün Tehranda Siriýanyň premýer ministri Emad Hamysyň duşuşygynda beren gürrüňlerinde Amerikalylar serdar Suleýmanini terror etmek bilen sebitde çydamy ejizletjek boldylar emma olaryň eden işi başga netije berip sebitde çydamyň berkemegine sebäp boldy diýip yglan etdi.

Eýranyň mejlis başlygy Amerikaly harbylaryň Yrakdan çykarylmaklary barada Yrak parlamentiniň makullan taslamasyna yşarat edip serdar Sulemanini terror etmekden soň Amerikalylara urulan şarpyklar serdar Suleýmanini şehit etmek bilen çydam ýolunyň üýtgemejekdigini subut edendir diýip sözlerine goşdy.

Siriýanyň premýer ministri Emad Hamys hem bu duşuşykda serdar Suleýmaniň şehit edilmegini pata aýdyp Siriýa döwleti we garaşsyz ähli döwletler Eýranyň öz hakyndan arka çykmakda ýola berýän kanuny işlerinden arka çykýandyr diýip yglan etdi.

Tags