Ruhani: sebit ilatynyň berk durmagy Amerikanyň hileleriniň suwa dökülmeginiň sebäbidir
(last modified Tue, 28 Jan 2020 15:26:01 GMT )
Jan 28, 2020 20:26 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: sebit ilatynyň berk durmagy Amerikanyň hileleriniň suwa dökülmeginiň sebäbidir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Eýran ilatynyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň ilatynyň berk durup çydam görkezmegi Aziýanyň günbatar sebitinde Amerikanyň hileleriniň suwa dökülmeginiň sebäbi bolandyr diýdi.

şu gün Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Tehranda geçirlen bir dabarada beren gürrüňlerinde Amerikanyň durmuşky režiminiň Aziýanyň günbatar sebitinde edýän bozgakçylyklarynyň bolmagy we beýleki gadaganlyklaryna garamazdan Eýran yslam respublikasynyň köpugurlarda gazanan üstünliklerine yşarat edip Amerikanyň taryhyndaky bütin döwletlerinden erbeträk bolýan bu ýurdyň durmuşky terrorçy we hokabaz döwleti öz edýän işleri bilen dünýä ilatyna , ýaranlaryna, doslaryna we hatda öz ilatyna hem kynçylyklary döredendir diýdi.

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani, siwilizasiýany, demokratiýany we adam hukukyny toslan bolýan Amerikanyň, sebit ilatyna zulum edýänligini aýdyp durmuşda Amerikada gudrata ýeten hökümet, diňe Eýran milletine däl eýsem sebitiň beýleki milletlerine şol sanda Yrak, Owganystan,Ýemen, Siriýa we Liwan milletlerine hem zulum edýär , Amerikalylar zulumlaryny görmedik ýurtlaryň sany sebitde gaty azdyr diýip sözlerine goşdy.