Feb 05, 2020 22:16 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerikanyň Eýran milletine garşy gadaganlygy terrorçylykly hereketdir

Eýranyň döwlet baştutany Hasan Ruhani Amerikanyň bikanun gadaganlyklary, halkara kanunlaryna we Birleşen Milletler Guramanyň karar hatlaryna garşydyr diýmek bilen Amerikanyň Eýran milletine garşy gadaganlygy terrorçylykly hereketdir diýip nygtady.

şu gün ikindin prezident hasan Ruhani ýylyň kitaby boýunça 37-nji baýragyna saýlananlary gadyrlamak üçin geçirlen dabarada eden çykyşynda Amerikanyň Eýrana garşy amala aşyran derman gadaganlygyna yşarat edip bu hakykatlar kitap görnüşinde dünýä ilatynyň erkinde goýulmalydyr diýip nygtady.

Ruhani sözüniň dowamynda Amerikalylar dermanlaryň söwdasyny gadagan eden däldiris diýip toslaýarlar diýmek bilen Waşington döwleti Eýrana garşy bank ýollaryny baglamak bilen terrorçylykly herekete baş goşýandyr diýip beýan etdi.

Tags