Welaýati: asyryň söwdasy adyndaky taslama Trampyň syýasy taýdan öz janyna kast etmegidir
(last modified Fri, 07 Feb 2020 16:26:50 GMT )
Feb 07, 2020 21:26 Asia/Ashgabat

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy asyryň söwdasy adyndaky taslama Trampyň syýasy taýdan öz janyna kast etmegidir diýdi.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati sözüniň dowamynda Donald Trampyň asyryň söwdasy adyndaky taslamadan yzarlaýan asly maksady Palestinany kämil eýelemekdir diýmek bilen bu taslamada mundan ozal Amerikanyň käbir arap döwletleri bilen Palestina meselesini çözmek ugurda geçiren gepleşiklerini şol sanda Kap Diwid we Slow şertnamalary görmezlik edilendir diýip nygtady.

Eýranyň yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň halkara işler boýunça maslahatçysy Ali Akbar Welaýati şeýle-de Eýran Yslam respublikasynyň goldawy bilen çydam toplumynyň sebitde gazanan üstünliklerine yşarat edip 1982-nji ýylda sionist režimi Liwanyň topragyndan yza çekildi we Gaza zolagynda hem Palestinanyň çudam topary dürli uruşlarda şol sanda 22,51,8 we 2 günli uruşlarda ýeňiş gazandy diýip beýan etdi.