Dehgan:Amerikanyň gadaganlyklary Eýranyň goranyş ukybyna ýaramaz täsiri bolan däldir
yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň goranyş işler boýunça geňeşçisi general Huseýin Dehgan Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklarynyň Eýranyň goranyş bölümine we harby başarnygyna ýaramaz täsiri bolan däldir diýdi.
general Huseýin Dehgan Britaniýada çap bolýan Financial Times gazetasy bilen geçiren söhbetdeşliginde Amerikanyň gadaganlyklaryna garamazdan Eýranyň goranyş we harby bölümleriniň býujetleri azalan däldir diýip nygtady.
3 ýyl mundan ozal Trampyň gudrat başyna geçen zamanyna görä durmuşda Eýranyň goranyş we harby başarnygynyň ýagdaýy gowrakdyr diýip general Dehgan aýtdy.
Eýranyň öňki goranmak ministri Huseýin Dehgan şeýle-de goranyş we harby we halkara meseleler barada Eýranyň strategiýasy hakda gürrüň gozgap Eýran özüniň raketalyk programalaryny ösdürmek we çydam toparlary goldamak işlerinden yza çekilmez we Amerika bilen hem gürrüňe girişmez diýip sözlerine goşdy.