Ruhani: Korona garşy durmak sebitleýin we halkara utgaşdyrylan çäreleri talap edýär
Eýranyň prezidenti, «Koronawirusynyň ýaýramagyna garşy göreşde hemmeleriň gatnaşmagynyň zerurdygyny aýdyp, ABŞ-nyň milletlere garşy alyp barýan zalym sanksiýalaryny ýatyrmagyň we goňşularyň arasynda umumy saglyk protokollaryň işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani birnäçe ýurdyň başlyklaryna iberen hatynda koronawirusyň ýaýramagyna we onyň global epidemiýa öwrülmeginine yşarat edip durmuşky ýagdaýda Eýran hakyky çäkliklere we kynçylyklara gabat gelip durandyr we bu mesele bolsa Amerikanyň Eýrana garşy ýola beren zalym gadaganlyklarynyň, aňrybaş basyş bermek syýasatynyň hemde Waşington döwletiniň sistematik işbozarlyklarynyň netijesidir diýip nygtady.
Ruhani, durmuşky dartgynlygy hiç bir ýurdyň ýekelikde dolandyryp bilmejekdigini belläp, ABŞ-nyň Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň köpüsiniň sanksiýalara eýermegi, diňe BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna ters gelmekden aýry, ahlakdan we adamkärçilikden hem daşdyr diýip beýan etdi.
Eýranyň prezidenti ýurtlaryň başlyklaryna ýüzlenip, Koronanyň ýeňilmeginiň "halkara meselesidigini" aýtdy we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary bilen ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy bikanun sanksiýalary boýunça ähli ýurtlaryň borçlaryny ýerine ýetirmek üçin çäreler görülmelidigini hemde ABŞ-nyň ykdysady terrorçylygyna garşy durulmagyň zerurdygyny aýtdy.
Ruhani, ykdysady düzümi gowşadýan, lukmançylyk ulgamyny gowşadýan we krizis dolandyryşynda maliýe çeşmelerini çäklendirjek islendik syýasatyň beýleki ýurtlardaky epidemiýa garşy göreşe göni täsir etjekdigini aýtdy.
Ruhani şeýle-de halkara köpçüliginiň Amerikanyň bikanun we adamkärçilikden daş bolan gadaganlyklarynyň öňünde durmagynyň wagty bolandyr diýmek bilen halkara köpçüligi Eýrana garşy amala aşyrlan bu gadaganlyklaryň häzriki dartgynlygyň öňüne almagyna täsir etmeginiň öňüne geçilmelidir diýip nygtap geçdi.