Eýranyň kazyýet güýji:Amerikanyň dermanlyk gadaganlyklary bir jenaýatkärçilikli işdir
Eýranyň kazyýet güýjiniň metbugat wekili Waşingtonyň zalymlykly we bir taraplaýyn gadaganlyklary şol sanda derman gadaganlyklary Amerikanyň baş tutanlygynda bütin dünýä imperializimi tarapynda ýola berilip duran jenaýatçylykly bir iş bildi.
Eýranyň kazyýet güýjiniň metbugat wekili GolamHuseýin Ismaili şu gün wideo konferensiýa arkaly geçiren oturyşygynda Amerika döwletiniň Eýrana garşy ýola berip duran gadaganlyklaryna yşarat edip Amerikanyň baş tutanlygyndaky bütin dünýä imperializmi diňe Eýranyň döwleti bilen dälde eýsem Eýranyň ilaty bilen hem duşmançylyk edýändir diýip nygtady.
Ismaili şeýle-de Ýewropalylar Amerikanyň Eýrana garşy bir taraplaýyn gadaganlyklaryny kabul etmeli däldirler diýmek bilen bu günki gün Ýewropalylar Amerikanyň bir taraplaýyn gadaganlyklaryny aýratynda dew derman bölümindäki gadaganlyklaryny gyrakda goýup özleriniň adam hukukynyň hemaýatçysydyklaryny we Amerika döwletine garaşly däldiklerini subut etmelidirler diýip beýan etdi.