Baeidinežad: Britaniýa hökümeti Amerikanyň Eýrana garşy alyp barýan zalymlykly sanksiýalaryny äsgermesin
Eýranyň Britaniýadaky ilçisi:bu ýurduň ilaty London döwletinden ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň çarçuwasynda amal edip Amerikanyň Eýrana garşy zalymlykly gadaganlyklaryna äsgermezlik etmegini isleýändirler diýip yglan etdi.
şu gün Hamid Baeidinežad özüniň telgram sahypasynda goýan matlabynda:Iňlis döwleti gadaganlyklary ýatyrmak barada bu ýurduň ilatynyň bildirýän islegleriniň jogabynda Londonyň adam hukuky we harby enjamlary ýerlikdäki Eýrana garşy ýola beren bu gadaganlyklary koronawirusynyň öňüni almakda Eýranyň başarnygynda onçakly täsiri ýokdyr diýip jogap berendyr diýip ýazdy.
Hamid Baeidinežad London döwletiniň bu aýdan zatlary hakykatda Britaniýa ilatynyň islegine jogap bolup bilermi diýen soragy ara atyp Britaniýa ilaty Amerikanyň Eýrana garşy zalymlykly gadaganlyklarynyň London tarapyndan äsgerilmezlik edilmegini we Iňlisiň Eýran bilen maliýe we söwda ara-baglanşyklara girişmegini isleýändirler diýip belläp geçdi.
şol bir wagtda Britaniýa döwleti gadaganlyklaryň koronawirusyna garşy göreşde Eýranyň başarnygyna ýaramaz täsiri ýokdygyny toslady.