general Bageri Amerikalylaryň şübheli hereketleri barada duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7327-general_bageri_amerikalylaryň_şübheli_hereketleri_barada_duýduryş_berdi
Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy general Muhammet Bageri Amerikalylaryň Aziýanyň günbatar sebitinde ýola berýän şübheli hereketlerine yşarat edip:egerde Amerikalylar aýaklaryny gyşyk basyp Eýranyň howpsuzlygyna zarba urjak bolsalar Eýranyň berk gaýtawulyna gabat geler diýip yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 02, 2020 14:22 Asia/Ashgabat
  • general Bageri Amerikalylaryň şübheli hereketleri barada duýduryş berdi

Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy general Muhammet Bageri Amerikalylaryň Aziýanyň günbatar sebitinde ýola berýän şübheli hereketlerine yşarat edip:egerde Amerikalylar aýaklaryny gyşyk basyp Eýranyň howpsuzlygyna zarba urjak bolsalar Eýranyň berk gaýtawulyna gabat geler diýip yglan etdi.

şu gün Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy general Muhammet Bageri beren gürrüňlerinde:Yslam respublikasy we Eýranyň Goranmak güýçleri bolýan gury ýer, howa we deňiz serhetlerine ünsli gözegçilik edýän harbylary hüşgärlik bilen sebitiň ýagdaýyny doly göz astyna alyp durandyrlar diýdi.

Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy sözüniň dowamynda Amerikalylar sebitiň ilatynyň, şol sanda Yrak halkynyň bu ýurtlardaky harby güýçlerine garşydyklaryny gowy bilýändirler diýip beýan etdi.

ABŞ-nyň Yrakdaky şübheli harby hereketlerinden we Waşingtonyň käbir yslam toparlaryny we al-Haşed al-Şaabini nyşana almaga synanyşandygy baradaky habarlardan soň Yrakda ABŞ-nyň eden-etdikli hereketleri sebäpli aladalar artdy.