general Bageriň Eýran goşunynyň baş serkerdesi bilen duşuşygy
Eýranyň ýaragly güýçleriniň ýokary ştabynyň başlygy general Muhammet Bageri Eýran goşunynyň baş serkerdesi general Seýed Abdulrahim Musawi bilen geçiren duşuşygynda goşun gününiň gelip ýetmegini oňa gutlap:Yslam respublikasynyň goşuny agzybirlik, dogry guramaçylyk we doly taýynlyk bilen missiýalary ýerine ýetirýändir diýdi.
şu gün geçirilen bu duşuşykda general Bageri goşun gününi gutlamak bilen Eýran goşuny özüniň harby we goranyş başarnygyny we taýýarlygyny goramagyň ýany bilen bu günler ilatyň jan saglygyny goramakda hem meýdana girip elde baryny gaýgyrman durandyr diýip yglan etdi.
bu duşuşykda Eýran goşunynyň baş serkerdesi general Seýed Abdulrahim Musawi hem ýurtda koronawirusyndan ejir çeken ilata kömek etmek ugurda Eýran goşunynyň ýola beren saglyk türgenleşigine yşarat edip Eýran goşuny ýurduň boýdan başynda beýleki kömekçi organlaryň ýanynda halka kömek etmek ugurda özüniň bütin mümkinçilikleri bilen meýdana gelmäge taýýardyr diýip yglan etdi.
Şu ýyl, Koronanyň ýaýramagy sebäpli, Yslam Respublikasynyň Harby güni mynasybetli Eýranyň ýaragly Güýçleriniň parady geçirilmez.