Ruhani: Ak sebitlerde dini ýerler açylar
(last modified Sun, 26 Apr 2020 09:06:28 GMT )
Apr 26, 2020 14:06 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Ak sebitlerde dini ýerler açylar

Eýranyň prezidenti, korona keseliniň ýaýramagy esasynda ýurduň dürli sebitleriniň Ak,Sary we Gyzyla bölünmegine ünsi çekip, Ak ýerlerde dini ýerler we mekanlar açylar we juma we jemagat namazlary okalýar diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, ýekşenbe güni Korona garşy göreşmek boýunça milli ştab ýygnagynda korona keseliniň ýaýramagy esasynda ýurduň bölünişine we sebitleşdirilmegine ünsi çekip Saglyk ülňülerine laýyklykda, mysal üçin, bir şäheriň hassahananyň girelgesi nol bolsa we bir hepdede ölüm hem bolmasa we dikeldilýänleriň sany köpelse we bu amal ikinji hepdede gaýtalansa, Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi bu sebiti ak zona diýip yglan eder diýdi.

Ruhani sözüniň dowamynda Ak zona yglan edilen we Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan tassyklanan ýurduň hemme ýerinde mukaddes ýerler açylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, şu wagta çenli ýurduň takmynan 127 şäheri Ak zonada ýerleşýändigine yşarat edip Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmi taýdan yglan etmeginden soň metjitler, dini ýerler, mukaddes ýerler we anna namaz okalýan ýerler bu sebitlerdäki ýörite teswirnamalara laýyklykda açylar diýip beýan etdi.