Ruhani:halkara arkalaşyklar milletlere basyş bermek syýasatyň ýerine işe alynmalydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ykdysady terrorçylyk we harby howplar görnüşinde halklara edilýän basyş öz ýerini hakyky we umumy howplara garşy göreşmek üçin ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlyga bermelidigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani duşenbe güni agşam, Goşulmazlyk Hereketiniň aragatnaşyk toparynyň döwlet baştutanlarynyň wirtual ýygnagynda ähli ýurtlary korona ýürek kesellerine garşy göreşde hyzmatdaşlyga çagyryp Amerikanyň adam hukuklaryna garşy hereketleri netijesinde Eýranyň korona garşy göreşde gerek bolan medisina mätäçliklerini üpjün etmekde adatça has uzyn we käwagt mümkin däl edendir we Yslam respublikasynyň koronawirusyň ýaýramagyna garşy gönükdirilen maksatnamasyny kynlaşdyrandyr.
Ruhani sözüniň üstüni dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary ençeme ýyl bäri birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalary girizmek bilen diňe bir Eýran halkyny hukuklaryndan mahrum etmek bilen çäklenmän, eýsem köptaraplaýynlyga we halkara hyzmatdaşlyga howp hasaplanýandyr diýdi.
Eýranyň prezidenti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň gowşamagyny Korona garşy alnyp barylýan global bilelikdäki göreşiň gowşamagynyň sebäpkäri bilmek bilen ABŞ hökümetiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyny zerur serişdelerden mahrum etmek üçin esassyz, howlukmaç we jogapkärçiliksiz hereketini Amerika döwletiniň ýola beren strategik ýalňyşlygynyň ýene birsidir diýip aýtdy.