Ruhani: Amerikaly resmileriň aýtýany dogry bolsa, Eýrana garşy girizilen sanksiýalary bes ederdiler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana Koronawirusa garşy göreşmäge kömek etmäge taýýardygyny öňe süren toslamasynyň jogabynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti: "Amerikalylar dogruçyl bolsa, ýeke-täk ýol Eýranyň bikanun sanksiýalaryny bes etmekdir" -diýdi.
Sişenbe güni Ýaponiýanyň premýer-ministri Abe Şinzo bilen geçirilen söhbetdeşlikde prezident Hasan Ruhani Tokýo hökümetine koronawirusyna garşy göreşde Eýrana dostlukly kömek berenligi üçin minnetdarlyk bildirmek bilen bir wagtda Koronawirusyna garş göreşiň döreden agyr ýagdaýynda ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy bikanun sanksiýalarynyň gaty agyr ykdysady netijeleri güýçlendi diýip nygtady.
Ruhani, ähli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyndan başga wirusy halas edip bolmajakdygyny aýtmak bilen ABŞ-nyň zulumly we adamkärçiliksiz sanksiýalarynyň güýçlenmegi bilen Eýran hökümeti we adamlar lukmançylyk enjamlary we azyk önümleri bilen üpjün etmekde köp kynçylyklara sezewar boldular diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti sebitdäki we dünýädäki dartgynlygy azaltmak boýunça dowamly tagallalaryň zerurdygyny aýtdy we ABŞ-nyň soňky hepdelerdäki hereketleriniň Yrakda we Pars aýlagy sebitinde dartgynlylygyň ýokarlanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.