Ruhani: Eýran 2231-nji kararyň bozulmagyny kabul etmez
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Tähranyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararynyň bozulmagyny hiç haçan kabul etmez diýmek bilen Bu kararyň çäginde ýakyn wagtda ýarag gadaganlygyndan çykmak Eýranyň aýrylmaz hukugydyr diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyş edip, ABŞ-nyň Eýranyň ýarag gadaganlygyny giňeltmek baradaky tagallalaryna yşarat edip Eýranyň ýarag gadaganlygynyň ýatyrylmagy BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň aýrylmaz bölegidir diýip yglan etdi.
Ruhani Eýrana garşy ýarag gadaganlyklary haýsydyr bir beýannama ýa-da mehanizm bilen dikeldilse 4 + 1 ýurtlarynyň ýolbaşçylary munuň nähili agyr netijelere sebäp boljakdygyny bilerler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýranyň bejerýän ýaraglary ýa-da satyn alýan ýaraglary halklary goramak üçindir diýmek bilen Eýranyň ýaragy ody söndürýän suwdyr we täze bir urşuň başlanmagyna ýol bermeýär diýdi.
Ruhani şeýle-de ABŞ-nyň BMG Howpsuzlyk Geňeşinden çykmagynyň ýyl dönümine hem ünsi çekip 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ içerki ekstremistleriň basyşy, Ysraýyl bilen Saud Arabystanynyň basyşy we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň öňki prezident Barak Obama bilen gödekligi gaty samsyklyk etdi we birtaraplaýyn ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çekildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Amerikalylaryň bir-iki aý öň kyplat ukysyndan oýanandyklaryny we nähili uly ýalňyşlyk goýberendiklerine düşündiklerini aýtmak bilen durmuşda Amerikalylar ýadro ylalaşygyň iş maslahatynda ne öňe gidip bilerler nede yzlaryna dolanyp bilerler diýip yglan etdi.