Ruhani: Amerikada iň erbet we iň zalym hökümet iş başyndadyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7589-ruhani_amerikada_iň_erbet_we_iň_zalym_hökümet_iş_başyndadyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ABŞ-nyň iň erbet we iň zalym hökümetiniň işleýändigini belläp: "ABŞ hökümeti hemişe terrorçydy, ýöne beýle görlüp-eşidilmedik zat.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
May 13, 2020 13:37 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerikada iň erbet we iň zalym hökümet iş başyndadyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ABŞ-nyň iň erbet we iň zalym hökümetiniň işleýändigini belläp: "ABŞ hökümeti hemişe terrorçydy, ýöne beýle görlüp-eşidilmedik zat.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde soňky ýyllarda ABŞ-nyň amala aşyran terrorçylykly hüjümlerine yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary elmydama garaşsyz we ezilen halklara garşy hereket etdi, ýöne giň ýaýran koronawirusyň ýaýramagy sebäpli dewa-derman satyn alynmagyna päsgelçilik döredýär diýdi.

Ruhani, Eýranyň soňky iki ýylda ABŞ-nyň iň erbet hökümeti bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýdyp Taryhyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary beýle rehimsiz, adamkärçiliksiz we başarnyksyz bolmandy, hatda bu regimeimiň daşary işler ministri hem syýasatyň elipbiýsini hem bilýan däldir diýip nygtady.