Eýran,Özbegistan we Türkmenistanyň resmileri demir ýol hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7612-eýran_Özbegistan_we_türkmenistanyň_resmileri_demir_ýol_hyzmatdaşlygy_barada_gürrüň_etdiler
Türkmenistan, Özbegistan we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli resmileri demir ýol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
May 14, 2020 22:41 Asia/Ashgabat
  • Eýran,Özbegistan we Türkmenistanyň resmileri demir ýol hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler

Türkmenistan, Özbegistan we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli resmileri demir ýol hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, wideo konferensiýa çäginde demir ýol hyzmatdaşlygynyň giňelmegi öňküsinden has köp gözden geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary we transport bölüminiň başlygy Baýram Goldi Ewezow, Özbegistanyň transport ministri Eliar Ganiýew we Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Muhammet Eslami gatnaşdy.

Wideo konferensiýanyň dowamynda taraplar epidemiologiki ýagdaýyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak we ulag, sebit we halkara infrastrukturany döretmek babatynda özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin zerur çäreler barada pikir alyşdy.