prezident Ruhani çydamyň baýramyny Liwan ilatyna gutlady
(last modified Sun, 24 May 2020 16:18:33 GMT )
May 24, 2020 21:18 Asia/Ashgabat
  • prezident Ruhani çydamyň baýramyny Liwan ilatyna gutlady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani Sionist basyp alyjylara garşy Liwan ilatynyň elgeren üstünliginiň ýyllygyny we çydam baýramynyň gelip ýetmegini bu ýurduň ilatyna we döwletine gutlady.

Prezident Hasan Ruhani ýekşenbe güni Liwanyň prezidenti Mişel Auna iberen sargydynda Liwan halkynyň sionist basybalyjylaryň garşysynda elgeren uly üstünlikleriniň ýyllygyny gutlap Liwanly zenanlaryň we merdanlaryň gaýduwsyzlygy bilen ele gelen bu üstünlik Liwan ilatynyň gursagynyň üstünde ýalpyldap duran buýsnç medalydyr diýip nygtady.

2000-nji ýylyň 25-nji maýynda Sionist režim harby mümkinçiliklerine garamazdan Liwanyň çydam güýçlerine boýun boldy we Liwanyň günortasyndan gaçmaga mejbur boldy.

Liwan halky her ýyl soňky Sionist harbysynyň ýurduň günortasyndan gaçmagynyň ýyl dönümini çydam we ýeňiş güni hökmünde belleýär.