Larijani:Sionist režimi sebitde syýasy çaşgynlygy döretmegiň yzyndadyr.
Eýranyň mejlisiniň başlygy Ali Larijani Sionist režimi sebiti syýasy durnuksyzlyga tarap iterjek bolýandyr diýmek bilen musulman ýurtlar birleşip Sionist režimiň bu hereketiniň öňüne geçmelidirler diýip nygtady.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,şu gün Eýranyň mejlisiniň başlygy Ali Larijani musulman ýurtlaryň mejlisler ara bileleşiginiň Palestina komitediniň gyssagly maslahatynda beren gürrüňlerinde durmuşky ýagdaýda bu komitediň möhüm jogapkärçilige eýedigini aýdyp bu komitedi guryp onuň çäginde dogry tutumlary tutup Palestina milletine goldaw bermelidiris diýip nygtady.
Larijani şeýle-de Amerika we Sionit režimi musulman ýurtlary syýasy durnuksyzlyga uçradyp maksatlaryna ýetjek bolýandyrlar diýmek bilen bu şum plan hemme ýurtlarda üstünlikli amala aşyrlan däldir we käbir ýurtlar onuň öňüne geçip başarandyrlar diýip beýan etdi.
musulman ýurtlaryň parlamentara bileleşiginiň baş sekretary Mahmut Erol Gylyç hem Kudus şäherini Sionist režimiň paýtagty höküminde ykrar etmegi baradaky Amerikanyň prezidenti Donald Trampyň tutan tutuny uly töhmetdir we ýaramaz netijeleri boljakdyr diýip nygtap geçdi.
musulman ýurtlaryň mejlisler ara bileleşiginiň Palestina komitediniň gyssagly maslahaty şu gün 11 ýurdyň wekilleriniň gatnaşmagynda Tehranda geçirildi.