Ruhani: ABŞ Eýranyň ýarag gadaganlyklarynyň ýatyrylmagyna gaharlanýar we dildüwşük gözleýär
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Tehrana garşy ýarag sanksiýalarynyň ýatyrlanlygyna yşarat edip Amerikanyň Birleşen Ştatlary sanksiýalaryň ýatyrylmagyna gaharlanýar we dildüwşük edýärdiýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen kabinet mejlisinde BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň mydamlyk agzalarynyň ABŞ-nyň dildüwşüklerine garşy berk durmagynyň zerurdygyny aýdyp Tehran, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň dünýäniň bähbitleri we sebit we dünýä bilen ýadro şertnamasyndaky durnuklylygy sebäpli ABŞ-nyň dildüwşügine garşy durmagyna garaşýar diýip beýan etdi.
Ruhani ABŞ-nyň Eýrana garşy dildüwşükleriniň şowsuzlyga uçranlygyna yşarat edip Amerikalylar 2231-nji kararyň tersine Tehrana garşy karar taýýarlap, BMG Howpsuzlyk Geňeşine iberjek bolsalar, Eýran Yslam Respublikasy ähli ýagdaýlarda goranyş mümkinçiliklerini artdyrjakdygyna düşünmelidirler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň sanksiýalaryň kyn şertlerinde iň oňat howa goranyş ulgamlaryny döredendigini we şol bir ýerli gorag ulgamy bilen basyp alýan Amerikan uçarmansyz uçaryny nyşana alandygyny ýatlatdy.