Mousawi: Eýran bilen Amerikanyň arasynda has köpräk tussagyň alyş-çalyş mümkinçiligi
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Eýran bilen Amerikanyň arasynda köpräk tussagyň alyş-çalyş edilip bilinjekdigini aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi penşenbe güni beren gürrüňlerinde Eýran Yslam Respublikasy, Eýranly tussaglary Amerikalylar bilen çalyşmaga taýýardygyny birnäçe gezek mälim edendir diýip yglan etdi.
Amerikada bir näçe Eýranly esassiz deliller bilen şol sanda Amerikanyň sanksiýalaryny aýak aşaga salmakda aýyplanyp tutulandyrlar ýöne Eýran bu aýyplamalary ret edýändir diýip Musawi aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili şeýle-de käbir ýurtlaryň, şol sanda Şweýsariýa hökümetiniň we ilçisiniň ABŞ tussaglygyndaky Eýranly tussaglaryň boşadylmagy baradaky hoşniýetliligine yşarat edip Tussaglar çalşylsa, ABŞ-nyň sanksiýalaryny bozmakda aýyplanýan Eýran raýatlarynyň bigünädigi yzarlanar diýdi.