Ruhani: Sanksiýalaryň basyşy halkyň islegini bozup bilmez
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sanksiýalaryň basyşynyň Eýran halkynyň islegini bozup bilmejekdigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti hasan Ruhani şu gün wideo konferensiýa suratynda geçirilen Horasan Razawi we Isfahan welaýatlarynda senagat we mineral taslamalaryny ulanmak dabarasynda beren gürrüňlerinde Häzirki wagtda tutuş Eýran önüm öndürýän uly kärhana öwrülendir we üstümizdäki ýylyň ahyryna (1399-njy ýyl) iki ýüz möhüm ykdysady taslama ulanşa beriler diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ýurduň önümçilik we ösüş akymynyň sanksiýalar şertlerinde dowam edýändigini aýtmak bilen elbetde, sanksiýalar ýagdaýy we işleri kynlaşdyrýar, ýöne duşman sanksiýalar bilen Eýranyň ösüşini saklap bilen däldir diýip sözlerine goşdy.
Eýranyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň başlygy, şeýle hem ähli Eýranly maýadarlaryň, telekeçileriň we inžinerleriň ýurdy ösdürmek üçin gije-gündiz işleýändiklerini aýtmak bilen Polat önümçiligi boýunça Eýran dünýäde sekizinji orunda durýar we häzirki wagtda 55 million tonna polat öndürmek kuwwatyna eýedir diýdi.