Eýranda terror bolan 17,000 şehidiň resminamalary Birleşen Milletler Guramasyna gowşuruldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7910-eýranda_terror_bolan_17_000_şehidiň_resminamalary_birleşen_milletler_guramasyna_gowşuruldy
Habiliýan gaznasynyň baş sekretary, Eýranda 17,000 şehidiň resminamalarynyň Birleşen Milletler Guramasyna hödürlenendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jun 16, 2020 20:12 Asia/Ashgabat
  •  Eýranda  terror bolan 17,000 şehidiň resminamalary Birleşen Milletler Guramasyna gowşuruldy

Habiliýan gaznasynyň baş sekretary, Eýranda 17,000 şehidiň resminamalarynyň Birleşen Milletler Guramasyna hödürlenendigini habar berdi.

Habiliýan gaznasynyň baş sekretary Seýid Muhammet Jawad Haşeminejad sişenbe güni käbir günbatar döwletleriň we amerikanyň terrorçylyga gönüden-göni goldaw berýändiklerini aýdyp Eýran Yslam Respublikasy terrorçylygyň pidasy, emma duşmanlar Eýrany faktlaryň tersine terrorçylygyň tarapdary jilwelendirjek bolýarlar diýdi.

Haşeminejad, Habiliýan gaznasynyň Eýrandaky terrorçylyk jenaýatlaryny derňeýändigini we resminamalary ýygnaýandygyny aýdyp Şu wagta çenli Eýranda terror edilen 17,000 şehidiň resminamalary ýygnalyp, Birleşen Milletler Guramasyna iberildi, we bu gurama hem kabul etdi diýip habar berdi.