Eýran bilen Owganystanyň özara söwda we gümrük hyzmatdaşlygyny giňeltmekleri
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i7969-eýran_bilen_owganystanyň_özara_söwda_we_gümrük_hyzmatdaşlygyny_giňeltmekleri
Eýranyň gümrük gullugynyň baş müdiri, Eýran bilen Owganystanyň arasynda söwda we gümrük hyzmatdaşlygynyň giňeldilendigini habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jun 23, 2020 12:47 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Owganystanyň özara söwda we gümrük hyzmatdaşlygyny giňeltmekleri

Eýranyň gümrük gullugynyň baş müdiri, Eýran bilen Owganystanyň arasynda söwda we gümrük hyzmatdaşlygynyň giňeldilendigini habar berdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä, Eýranyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary we gümrük gullugynyň baş müdiri Mehdi Miraşrafi,Tähranda Owganystanyň Maliýe ministrliginiň gümrük gullugynyň başlygy "Muhammet Issa Godrat" bilen duşuşanda, iki ýurduň medeni umumylyklaryna yşarat edip Bu umumylyklar söwdany ösdürmek we ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin ulanylmalydyr diýip beýan etdi.

Mir Aşrafi, Çabahar gümrükhanasynyň üsti bilen Hindistandan Owganystana bugdaý iberilmegini we Eýranyň bu prosesi optimizirlemek ugrundaky yzygiderli tagallalaryny Eýran bilen Owganystanyň üstaşyr geçiş pudagynda gümrük hyzmatdaşlygynyň gowy mysaly diýip atlandyrmak bilen Harytlaryň üstaşyr mukdaryny artdyrmak üçin gerek şertler döredilmelidirler diýip aýtdy.

Tährana eden saparyndan kanagatlanýandygyny mälim eden Muhammet Issa Godrat, hem öz ýurdunyň gümrük işlerini elektronlaşdyrmaga we Eýranyň gümrük hyzmatdaşlygy bilen maglumat alyşmaga taýýardygyny mälim etdi.