Galibaf:zalymlykly sanksiýalaryň öňüni almaklyk parlamentlerde düzülýän kanunlaryň oky bolmalydyr
(last modified Thu, 09 Jul 2020 12:56:33 GMT )
Jul 09, 2020 17:56 Asia/Ashgabat
  • Galibaf:zalymlykly sanksiýalaryň öňüni almaklyk parlamentlerde düzülýän kanunlaryň oky bolmalydyr

Eýranyň mejlis başlygy Aziýa ýurtlaryň mejlislerara bileleşiginiň oturşygynda beren gürrüňlerinde koronadan soňky döwürde zalymlykly sanksiýalaryň öňüni almaklyk parlamentlerde düzülýän kanunlaryň özeni bolmalydyr diýip nygtady.

Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf şu gün geçirilen Aziýa ýurtlaryň mejlislerara bileleşiginiň oturşygynda beren gürrüňlerinde parlamentleriň rolunyň we kanunçylyk ulgamynyň özara täsiriniň möhümdigini aýtmak bilen "Mejlisiň ykdysady diplomatiýasy" we Aziýa parlamentleriniň agzalarynyň arasynda ykdysady abadançylygy ösdürmekdäki roly göz öňünde tutulmalydyr diýip beýan etdi.

Galibaf sözleriniň dowamynda Eýran halkynyň koronawirusynyň ýaýrap duran mahaly ýüzbe-ýüz bolup duran kynçylyklaryna yşarat edip halkara guramalaryň ABŞ-nyň Eýrana garşy ykdysady sanksiýalaryny ýatyrmak ýa-da azaltmak baradaky basyşyna garamazdan, Waşington Korona dartgynlylygynyň ýaýrap duran şertlerinde iň ýokary basyş syýasatyny dowam etdirýändir diýdi.

Eýranyň mejlis başlygy koronawirusyň ýaýramagyna garamazdan ABŞ-nyň adamkärçiliksiz hereketini ýazgarmagyň zerurdygyny aýtdy.

Galibaf şeýle-de sionist režimiň basyp alan ýerlerini giňeltmek baradaky syýasatlaryna-da gynanç bildirmek bilen Eýranyň mejlisi, Palestina halkyna goldaw bermek we Ysraýyl režiminiň adamkärçiliksiz we bikanun niýetlerini ýazgarmak bilen, halkara jemgyýetçiligini, esasanam Aziýa Parlamentini, sionistleriň basyp alyşlaryny we giňeldiji hereketlerini derrew duruzmak üçin ähli parlament mehanizmlerini ulanmaga çagyrdy.