Pompeo: Aýlag döwletleri bilen Eýranyň raketa howpuna garşy göreşýäris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8148-pompeo_aýlag_döwletleri_bilen_eýranyň_raketa_howpuna_garşy_göreşýäris
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Waşingtonyň Eýranyň raketa howpy diýip atlandyrýan zadyna garşy durmak üçin Aýlag döwletleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini öňe sürdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jul 10, 2020 13:29 Asia/Ashgabat
  • Pompeo: Aýlag döwletleri bilen Eýranyň raketa howpuna garşy göreşýäris

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Waşingtonyň Eýranyň raketa howpy diýip atlandyrýan zadyna garşy durmak üçin Aýlag döwletleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini öňe sürdi.

IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bu barada penşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda Waşington Pars aýlagyň ýakasynda ýerleşen arap döwletleri bilen "Eýrandan raketa howpy" diýilýän zada garşy durmak üçin hyzmatdaşlyk edip ýöranligini aýtdy.

Pompeo, Eýrana garşy ýarag sanksiýalarynyň täzelenmezliginiň Günbatar Aziýany durnuksyzlaşdyrjakdygyny öňe sürmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýranyň ösýän raketa güýji sebäpli Pars aýlagy bilen serhetdeş ýurtlara howpsuzlyk kömegini bermäge borçlanýar diýip toslady.

Amerikanyň Döwlet sekretarynyň, Eýranyň raketa programmasynyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozandygyny öňe sürmegi şeýle bir ýagdaýdadyr welin Wşington bu kararyň tersine ýadro ylalaşygyndan çykyp, bu karar babtly Eýran halkyna garşy ýatyrlan gadaganlyklaryň hemmesini ýaňada Eýrana garşy ýörüdip başlady.