Zarif Eýran bilen Orsýetiň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyklar resminamanyň täzelenmegini nygtady
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Eýran bilen Orsýetiň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk baradaky resminamany strategiki gatnaşyklar derejesine ýokarlandyrmagyny nygtady.
yekşenbe güni Orsýetiň Dumasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Leonid Slutskiý bilen Tähranda geçirilen duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif iki ýurduň arasyndaky parlament gatnaşyklaryny, esasanam iki parlamentiň iki ýurduň arasyndaky strategiki gatnaşyklary berkitmäge berýän ünsi beýan etdi.
Şeýle hem Slotskiý, Corona epidemiýasy wagtynda Tährana saparynyň maksadynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi we möhüm meseleler bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.
duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri we Orsýet Dumasynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy ikitaraplaýyn meselelerden başga-da hyzmatdaşlygyň ykdysady taraplary barada hem-de ýadro ylalaşygyna,Siriýanyň,Yragyň,Ýemeniň we Liwiýanyň özgerişlerine bagly meseleler barada pikir alyşdylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň resmileri bilen duşuşmak üçin Tähranda bolan Slutskiý düýn (şenbe) Eýran mejlis başlygy Muhammet Baker Galibaf bilen duşuşdy.