Ruhani: ABŞ Eýrana garşy gadaganlyklary ýola bermekde harlyk bilen şowsuzlyga uçrady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, ABŞ-nyň BMG Howpsuzlyk Geňeşinde taryhy ýeňlişi barada Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýrana garşy ýarag gadaganlyklary ýola bermekde harlyk bilen şowsuzlyga uçrady diýdi.
ABŞ, Eýranyň ýarag gadaganlyklaryny uzaltmak baradaky teklibi anna güni agşam 11 ýurt saklandy, ABŞ we Dominikan respublikasynyň iki ugurdaş sesi, we Russiýa bilen Hytaýň iki garşy sesleri bilen şowsuz galdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şenbe güni Milli Korona garşy Baş edaranyň mejlisinde düýn ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşinde ýeňlişiniň Eýranyň ulumsylyga garşy göreş taryhynda galandygyny aýdyp ABŞ-nyň Eýranyň ýarag sanksiýalaryny uzaltmak baradaky teklibini ret etmeginiň sebäbi, sebitiň we dünýäniň bähbitleri üçin tertip-düzgüni saklamak zerurdyr diýip nygtady.
Ruhani, Amerikalylaryň masgaraçylyklaryny ýapmak üçin dört sany eýran gämisini ele alandyklaryny habar bermek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary gämileriniň we baýdaklarynyň eýranly däldigini öňe sürýär we bu dildüwşük Waşingtonyň Howpsuzlyk Geňeşindäki masgaraçylygyny ýapmak üçin niýetlenendir diýip beýan etdi.