Hatibzadeh: Amerika özüniň Owganystanda döreden batgalygyna batandyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň käbir habar beriş serişdeleriniň Owganystandaky ABŞ harbylaryny öldürmek üçin käbir ýurtlaryň Talybana pul berýändigi baradaky aýyplamalaryň gaýtawulynda:Amerika özüniň Owganystanda döreden batgalygyna batandyr diýdi.
şu gün Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh beren gürrüňlerinde Amerikan esgerleriniň gany, Ak tamyň hökümdarlarynyň nädogry syýasatlary sebäpli öz watanyndan müňlerçe kilometr uzaklykda döküldi, bu, elbetde, Owganystanyň bigünä halky üçin ençeme ýyllap uruş we gan döküşlige sebäp boldy diýdi.
Owganystandaky heläk bolan esgerleriniň maşgalalaryna hiç hili jogap tapmaýan ABŞ döwleti, ýurtdaky ýalňyş hasaplamalaryny metbugat atmosferasy bilen ýapmagyň yzyndadyr diýip Hatibzadeh aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Amerikany jogapkärçilige çekmäge we beýlekileri günäkärlemegiň ýerine Owganystandaky betbagtçylykly ýagdaýyny gysga wagtda bes etmäge çagyrdy.
Amerika we onuň ýaranlary terrorçylyga garşy göreş we howpsuzlygy üpjün etmek bahanasy bilen 2001-nji ýylda Owganystana çozdylar, ýöne şondan bäri Owganystanda durnuksyzlyk, terrorçylyk we neşe serişdeleriniň öndürilmegi ep-esli artdy.